Nýu-Ýorkda geçirilen halkara awtosalonyň dowamynda «Dünýäde ýylyň awtomobili» (World Car of the Year) bäsleşiginiň ähli ugurlar boýunça ýeňijileri yglan edildi.
Häzirki düzgünlere görä, dünýäniň iň gowy awtomobili diýen ugrunda diňe ýylda azyndan 10 000 nusgasy öndürilýän modeller bäsleşip bilýär. Mundan başga-da, dalaşgär awtoulaglar azyndan iki yklymda we iri bazarlaryň ikisinde (Hytaý, Ýewropa, Hindistan, Ýaponiýa, Koreýa, Latyn Amerikasy ýa-da ABŞ) satuwda bolmalydyr.
Bäsleşigiň beýleki ugurlary — «Şäher awtoulagy», «Lýuks awtoulag», «Ýylyň sport awtoulagy», «Ýylyň elektrik ulagy» we «Iň gowy dizaýn» boýunça talaplar önümçilik sanynyň az bolup biljekdigi sebäpli birneme üýtgeşikdir. Ýeňijileri saýlap almak işi 33 ýurtdan bolan 100-e golaý awtoulag žurnalistinden ybarat eminlere ynanyldy.
Esasy ýeňiji: «BMW iX3»
«2026-njy ýylyň Dünýä awtomobili» diýen uly ady Germaniýanyň «BMW iX3» elektrik krossoweri eýeledi. Bu ýaryşyň soňky tapgyrynda ol «Hyundai Palisade» we «Nissan Leaf» ýaly güýçli garşydaşlaryndan üstün çykdy. Belläp geçsek, ilkinji onluga «Audi Q5 / SQ5», «BYD Seal 6 DM-i», «Hyundai Ioniq 9», «Kia EV4», «Kia EV5», «Mercedes-Benz CLA» we «Toyota RAV4» ýaly modeller hem giripdi.
«BMW iX3» diňe bir esasy baýragy almak bilen çäklenmän, eýsem, «Ýylyň elektrik ulagy» diýen ugurda hem ýeňiji boldy.
Beýleki ugurlar boýunça ýeňijiler:
Iň gowy lýuks awtoulag: «Lucid Gravity»
Iň gowy sport awtoulagy: «Hyundai Ioniq 6 N»
Iň gowy elektrik awtoulagy: «BMW iX3»
Iň gowy şäher awtoulagy: «Firefly»
Iň gowy dizaýn: «Mazda 6e / EZ-6»