«Dünýä gözeli — 2026» bäsleşiginiň ýeňijisi mälim edildi

MilliInfo

9 Sentýabr, 2026

«Dünýä gözeli — 2026» bäsleşiginiň ýeňijisi mälim edildi

Dominikanly mugallym Mola «Dünýä gözeli» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada «BBC» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

2026-njy ýylda «Dünýä gözeli» (Miss World) diýen ada Dominikan Respublikasynyň wekili, 24 ýaşly mugallym Joheýri Mola mynasyp boldy. «Birinji wise-miss» adyna ispaniýaly Elizabet Reýes, üçünji orna bolsa Malaýziýanyň wekili Taanusiýa Çetti eýe boldy. Sylaglama dabarasy Wýetnamyň Nýaçang şäherinde geçirildi.

73-nji gezek guralan gözellik bäsleşiginiň finaly Nýaçangyň merkezi kenarýakasynyň golaýynda ýerleşýän açyk meýdançada guraldy. 20 müňden gowrak tomaşaçy sygymy bolan bu meýdança dabara üçin ýörite giň gerimli yşyk we ses ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bäsleşigiň Wýetnamda geçirilmegi ýurt üçin uly ähmiýete eýe boldy, sebäbi bu çäre ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini daşary ýurtly tomaşaçylara görkezmäge ýol açdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info