«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

MilliInfo
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda, ýurdumyzyň aýdymçy ýaşlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Şeýlelikde, her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerem Atabaýew;

  • Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Perhatmuhamet Esenow;

  • Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Şöhradowa;

  • Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Etrek etrap medeniýet bölüminiň Madaw oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Baýrammyrat Ýakubow;

  • Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Röwşen Kakaýew;

  • Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Dänew etrap medeniýet bölüminiň Ýyldyz oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Atamurat Muhtarow;

  • Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mähri Akmyradowa.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info