«Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky döredijilik bäsleşigi jemlendi

MilliInfo
«Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky döredijilik bäsleşigi jemlendi

Türkmenistanda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky däp bolan bäsleşigiň jemleri jemlendi.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli degişli Karara gol çekdi. Baýraklary bermek baradaky çözgüt ýeňijileri saýlap almak boýunça ýörite toparyň teklipleri hem-de awtorlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň gerimini, şanly taryhymyzy we milli gymmatlyklarymyzy çeper beýan edýän ýokary derejeli eserleri döredendikleri nazara alnyp kabul edildi.

Şeýle hem bu baýraklar medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşandyklary hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap türkmen sungatynyň, medeniýetiniň we edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşandyklary üçin berildi.

Resminama laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijisi diýlip ykrar edilen döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 manat möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanarlar.

Sylaglananlaryň sanawy «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info