2026-njy ýylyň iň köp satylan smartfonlary mälim edildi

MilliInfo

57 minut öň

«Counterpoint Research» seljeriş kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde iň köp satylan smartfonlaryň täze reýtingini çap etdi. Sanawyň lideri dünýä bazarynyň 6 göterimine eýe bolan «iPhone 17-niň» binýatlyk modeli boldy.

Onuň yzyndan şol bir seriýanyň has gymmat modelleri — «iPhone 17 Pro Max» we «iPhone 17 Pro» gelýär. Ilkinji üçlügiň dolulygyna «Apple» kompaniýasyna degişli bolmagy täzelenen seriýa bolan durnukly islegiň bardygyny subut edýär. Şeýle-de iň meşhur on smartfonyň hataryna «Samsung» we «Xiaomi» kärhanalarynyň modelleri hem girdi.

Iň meşhur TOP-10:

  1. 1.     «iPhone 17»

    2.     «iPhone 17 Pro Max»

    3.     «iPhone 17 Pro»

    4.     «Samsung Galaxy A07 4G»

    5.     «Samsung Galaxy A17 5G»

    6.     «iPhone 16»

    7.     «Samsung Galaxy A56»

    8.     «Samsung Galaxy A36»

    9.     «Samsung Galaxy A17 4G»

    10. «Redmi A5»

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info