Iň gowy ekrany bilen tapawutlanýan smartfonlar yglan edildi

MilliInfo

25 Sentýabr, 2025

Multimedia hilini bahalandyrmak ugrunda halkara lideri hasaplanýan fransuz tehnologiýa kompaniýasy «DxOMark» tarapyndan smartfonlaryň ekranlarynyň hiline görä taýýarlanan täze reýting düzüldi. Bu sanawda öňdeligi «Google Pixel 10 Pro XL» saklaýar. Bu smartfon 2025-nji ýylyň awgust aýynda tanyşdyryldy we öňki nesil bolan «Pixel 9 Pro XL» bilen meňzeş ekrana eýe bolsa-da, birnäçe tehniki kämilleşdirmeler arkaly bäsdeşlerinden öňe geçmegi başardy.

Täze flagman modeli 6,8 dýuým ululykdaky «LTPO OLED» displeýi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ekranyň çözgüdi (durulyk ölçegi) 2992 × 1334 piksele barabar. Dinamik täzeleniş tizligi 1-den 120 gers aralygynda üýtgäp bilýär. Displeýiň üsti «Gorilla Glass Victus 2» bilen goralyp, bu onuň çydamlylygyny ýokarlandyrýar.

Ekran HDR-i goldaýar we gün şöhlesiniň aşagynda iň ýokary 2200 nit ýagtylygy görkezýär, doly garaňkylykda bolsa 4 nit çenli azaldyp bilýär. Täze aýratynlyklaryň hatarynda — 480 gers ýygylyk bilen işleýän PWM sazlama ulgamy, täzelenen HDR algoritmleri hem-de reňkleri has tebigy görkezýän ulgamlar bar.

Bellenilişi ýaly, displeý ýokary takyklyk bilen sazlanypdyr, daşky ýagtylyga laýyklykda şekiliň tebigy üýtgemegini üpjün edýär. Sensor aýratyn tiz jogap berýär, şeýle hem «TÜV Eye Comfort» şahadatnamasyna eýe boldy. Ýöne belli bir kemçiligi hem bardyr — ekstremal burçlardan seredilende reňkleriň birneme üýtgemegi ýüze çykýar.

Jemi baha boýunça «Pixel 10 Pro XL 161» ball alyp, «Galaxy S25 Ultra» we «Pixel 10» modellerini (ikisi hem 160 ball) yza goýdy. Ilkinji onluga «Pixel 9» seriýasy, «Galaxy S25» we «Honor Magic6» modelleri hem girýär.

«iPhone» bolsa bu gezek öňdebaryjy onluga-da girip bilmedi: «iPhone 15 Pro Max» diňe 24-nji orny eýelese, «iPhone 16 Pro Max» has-da aşakda — 29-njy orunda ýerleşdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo