«Nebitçi» — woleýbol boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiliginiň ýeňijisi

MilliInfo

21 Ýanwar, 2026

Paýtagtymyzda woleýbol boýunça erkekler toparlarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň açyk birinjiliginiň ýeňijisi belli boldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi» topary ýaryşyň kubogyna mynasyp boldy.

Final duşuşygynda «Nebitçi» hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş» toparlary duşuşdylar. Bütin oýnuň dowamynda hüjüm we gorag boýunça artykmaçlyga eýe bolan «nebitçiler» garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ynamly ýeňmegi başardylar.

Bürünç medal ugrundaky bäsleşik hem çekeleşikli pursatlara baý boldy. «Migrasiýa» topary «Talyp sport» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.

Ýaryş 10 — 20-nji ýanwar aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirildi. Kubok ugrundaky bäsleşige jemi 10 topar gatnaşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info