«Koreý medeniýetiniň hepdeligi» Aşgabatda: noýabrda «Saengdonggam Crew» toparynyň çykyşy guralar

MilliInfo

16 sagat öň

«Koreý medeniýetiniň hepdeligi» Aşgabatda: noýabrda «Saengdonggam Crew» toparynyň çykyşy guralar

1–2-nji noýabrda «Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa» ilkinji Sammitiniň netijelerine bagyşlanan «Koreý medeniýetiniň hepdeligi» geçiriler.

Çäräniň çäklerinde 1-nji noýabrda sagat 17:00-da paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Saengdonggam Crew» döredijilik toparynyň çykyşy guralar. Tomaşaçylara koreý milli sungatyny döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrýan täsirli media-performans şowhuny garaşýar. Ilçihana paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny ýagtylygyň we tansyň kömegi bilen döredilen ajaýyp tomaşanyň şaýady bolmaga çagyrýar.

Giriş mugt! Petekleri «Google Forms» arkaly berlen çeşmeden geçip, sargyt edip bilersiňiz. Her bir adam 2 petekden köp almaly däldir. Petekler nobat esasynda resmileşdirilýär.

Kagyz petekleri bolsa 28–29-njy oktýabrda sagat 15:00-dan 18:00-a çenli ilçihananyň konsullyk bölüminden alyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info