Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Daşary ýurt dramasynyň hepdeligi geçiriler. Bu çäre watandaşlarymyz hem-de ýurdumyzyň myhmanlary üçin ajaýyp sowgat bolar.
Ol 6 — 12-nji dekabr aralygynda ýaýbaňlandyrylar. Ajaýyp hepdeligiň maksatnamasy daşary ýurt dramaturglarynyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan 53 spektakly özünde jemlär. Şolaryň 13-si ilkinji gezek görkeziler.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Watanymyza dünýäniň birnäçe ýurdundan myhmanlar geler. Olar «Hemişelik Bitaraplyk — halklaryň dostlugynyň binýady» şygary astynda geçiriljek hepdeligiň dowamynda amerikan, fransuz, italýan, rus, gruzin, azerbaýjan, tatar, gyrgyz dramaturglarynyň eserleriniň esasynda goýlan spektakllara tomaşa edip bilerler.
