1-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik desgalaryny doly kuwwatynda ulanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi, geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.