2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşjak Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy.
Baş tälimçi Karlo Ançelottiniň saýlap alan 26 futbolçysynyň sanawynda öz çykyşlary bilen «Barselona», «PSŽ» we «Al-Hilal» klublaryndaky çykyşlary janköýerleriň ebedi ýadynda galan meşhur ýyldyz Neýmar hem goşuldy.
34 ýaşly hüjümçi ýygy-ýygydan alýan ownuk şikesleri sebäpli, şu ýyl karýerasyny tamamlamagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýar. Üstümizdäki möwsümde tejribeli oýunçy «Santosyň» düzüminde 15 oýna çykyp, 6 gol geçirdi we 4 ýardam pasyny berdi.
Ýeri gelende bellesek, Neýmar 128 oýunda 79 gol geçirip, Braziliýanyň taryhyndaky iň netijeli oýunçy hökmünde bellige alnypdy. Ol milli ýygyndynyň köýnekçesini soňky gezek 2023-nji ýylyň oktýabr ayynda geýipdi.
Öňümizdäki Dünýä çempionaty Neýmaryň karýerasynda dördünjisi bolar — häzirki wagtda onuň hasabynda çempionatlaryň final tapgyrlarynda 13 oýunda geçirilen 8 gol bar.
Karlo Ançelotti ony näme üçin ýygynda çagyrandygyny şeýle düşündirdi:
«Biz Neýmaryň ýagdaýyna bütin ýylyň dowamynda seljerme geçirdik. Onuň soňky döwürde durnukly oýun görkezýändigi we fiziki taýdan gowy ýagdaýdadygy baradaky netijä geldik. Şeýle hem ýygyndynyň ähli oýunçylarynyň Neýmara bolan sylag-hormatynyň toparyň içinde has agzybir gurşawy döretjekdigine ynanýarys» — diýip, Ançelotti belledi.
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň DÇ-2026 üçin doly düzümi:
DERWEZEÇILER:
Alisson («Liwerpul»)
Ederson («Fenwerbahçe»)
Uewerton («Gremio»)
GORAÝJYLAR:
Aleks Sandro («Flamengo»)
Bremer («Ýuwentus»)
Danilo («Flamengo»)
Duglas Santos («Zenit»)
Gabriel Magalýaes («Arsenal»)
Rožer Ibanes («Al-Ahli»)
Leo Pereýra («Flamengo»)
Markinýos («PSŽ»)
Uesli Fransa («Roma»)
ÝARYM GORAÝJYLAR:
Bruno Gimarayes («Nýukasl»)
Kazemiro («Mançester Ýunaýted»)
Danilo dos Santos («Botafogo»)
Fabinýo («Al-Ittihad»)
Lukas Paketa («Flamengo»)
HÜJÜMÇILER:
Endrik («Lion» / «Real»)
Gabriel Martinelli («Arsenal»)
Igor Tiago («Brentford»)
Luis Enrike («Zenit»)
Mateus Kunýa («Mançester Ýunaýted»)
Neýmar («Santos»)
Rafinýa («Barselona»)
Raýan Roşa («Bornmut»)
Winisius Žunior («Real»)