Sosial ulgamlaryň çalt ösýän döwründe okyjylaryň ünsüni nädip saklamaly? Emeli aňy žurnalistiň peýdaly kömekçisine öwrüp bolarmy? 21-nji aprelde Aşgabatda öz işine başlan hünärmenlere döwrebap multimedia gurallaryny özleşdirmäge ýardam etjek üç günlük okuw kursy bu sowallara jogap tapmakda diýseň ähmiýetli boldy.
«Multimedia žurnalistikasy: sanly ulgamlaryň kömegi bilen jemgyýetçilik ähmiýetli temalary nädip beýan etmeli» ady bilen geçen okuw kursy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň binasynda ýaýbaňlandyrylyp, degişli hünärmenleriň birnäçesini bir ýere jemledi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, media hünärmenleri we ÝHHG-niň ýerli tälimçileri gatnaşýarlar.
Okuwyň açylyş dabarasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň maksatnamalaýyn utgaşdyryjysy Rune Kastberg gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol çalt üýtgeýän häzirki zaman media gurşawynda yzygiderli hünär ösüşiniň zerurdygyny nygtady.
Jenap Kastberg bu okuw maksatnamasynyň döwrebap metbugat üçin ähmiýetiniň örän uludygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda maglumaty diňe bir ýygnamak däl, eýsem, döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen okyja ýetirmek ukyby hem iňňän möhüm meseledir.
«Storitellingden» emeli aňa çenli
Okuw kursyny Russiýa Federasiýasyndan gelen media-hünärmeni Ýuriý Zýaginsew alyp barýar.
Gatnaşyjylar okuwyň dowamynda maglumat bilen işlemegiň täzeçil usullaryny öwrenýärler: «storitelling»: täsirli maglumatlar, wakalar arkaly informasiýany ýetirmek; infografika; emeli aň we žurnalistika.
Bu okuw kursy 23-nji aprele çenli dowam eder. Munuň özi okuwa gatnaşýan hünärmenleriň we mugallymlaryň diňe bir öz bilimlerini artdyrman, eýsem, alan täze tejribelerini öz redaksiýalaryndaky kärdeşlerine we ýokary okuw mekdeplerindäki talyplaryna hem geçirmäge mümkinçilik berer.