Türk döwletleriň guramasyna (TDG) girýän ýurtlaryň hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň wekilleri Baku şäherinde raýdaşlyk forumyň çäginde jemlendi. Bu barada «azertag.az» habar berýär.
Çärä raýat jemgyýetiniň Özbegistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Wengriýadan hem-de Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasyndan bolan 500-den gowrak wekili gatnaşdy.
Forumyň çäginde panel ara alnyp maslahatlaşmalary ýaýbaňlandyryldy. «Zangezur geçelgesi: türki geografiyasyny birleşdirýän köpri» atly panel mejlisinde Zangezur geçelgesiniň açylmagyndan soňky täze şertlere taýýarlyk meseleleri hem-de bu meselede türki dünýäsiniň raýat jemgyýeti institutlarynyň başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Zangezur geçelgesi taslamasy diňe ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi bolmak bilen çäklenmeýär. Ol hökümete degişli bolmadyk pudagy pugtalandyrmak üçin hem geljegi uly mümkinçilikleri açýar» — diýip, «CAREC-iň» Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow belledi.
Türkmenistanyň döwlete dahylly bolmadyk guramalary Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň şeýle taraplary bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýar.
Kepbanowyň sözlerine görä, Türkmenistanyň raýat pudagy türki dünýäniň hökümete dahylly bolmadyk guramalary bilen köpugurly gatnaşyklara açykdyr.
«Biz tejribe alyşmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, bilim we medeni başlangyçlarda gatnaşyklary giňeltmäge taýýar. Ýurdumyzyň döwlete dahylly bolmadyk guramalarynyň netijeli işi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň giň goldawy astynda ýurduň strategik ösüşleriniň çäginde amala aşyrylýar» — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kepbanow Zangezur geçelgesiniň aýratyn ähmiýetini nygtap, ony «umumy türki gelejege bitewüligiň simwoly» diýip atlandyrdy.
Çäre özboluşly döredijilik-medeni maksatnamasy bilen tamamlandy, forumyň işi Nahçywanda dowam etdi, şol ýerde Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Hökümete dahylly bolmadyk guramalarynyň platformasy döredildi.
Bu çärä gatnaşyjylar Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Wengriýanyň hem-de Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasynyň medeni nusgalaryny şöhlelendirýän diwarlyklar bilen tanyşdylar.
Ýurdumyzyň diwarlygy Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň goldawy bilen guraldy.






