Futbol karýerasyny çagalyk topary bolan «Santosda» dowam etdirýän meşhur futbolçy Neýmaryň dördünji perzendi dünýä indi. Braziliýaly ýyldyz hem-de Bruna Biankardi gyz perzentlerine Mel diýip at goýdular.
Meliň dünýä inmegi mynasybetli «PSŽ» kluby Neýmaryň ähli çagalarynyň atlary ýazylan futbol köýnekçesini oňa sowgat iberdi. Ýyldyz öz Instagram sahypasynda bu ajaýyp sowgat üçin «PSŽ» toparyna minnetdarlyk sözlerini beýan etdi we köýnekçeleriň suratyny paýlaşdy.