Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda Gaaga we Maastriht şäherlerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Gaagada Niderlandlaryň DIM-niň syýasy meseleler boýunça baş direktory Ýost Flamand we Onuň Alyhezreti Patyşanyň Kabinetiniň direktory Frans Prinsen bilen gepleşikler geçirildi.
Maastrihtde bolsa wekiliýet Limburg prowinsiýasynyň Patyşanyň komissary Emil Rumer bilen duşuşdy. Maslahatlaşmalaryň esasy mowzugy 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda «Peelbergen» atçylyk sport toplumynyň meýdançasynda meýilleşdirilen Ahalteke atçylygynyň günlerini geçirmäge amaly taýýarlyk görmek meselesi boldy.
Limburguň gubernatory çäreleriň hormatly myhmany bolmak baradaky çakylygy kabul etdi we sebitleýin häkimiýetler tarapyndan taslama hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini tassyklady.
Maastrihtdäki gepleşikleriň dowamynda taraplar Limburg prowinsiýasy bilen Türkmenistanyň welaýatlarynyň biriniň arasynda göni doganlaşan we sebitara gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine hem seretdiler.
Täze hyzmatdaşlyk agrosenagat toplumy, söwda, innowasion tehnologiýalar, bilim we syýahatçylyk ýaly özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alar, bu bolsa döwletara ynsanperwer we ykdysady baglanyşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.
