Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy-barlag institutynda topragyň we ýer serişdeleriniň ýagdaýyna hemmetaraplaýyn gözegçilik etmek üçin niýetlenen täze enjamlary gowşuryldy.
Institut aşakdaky enjamlar bilen üpjün edildi: gözegçilik guýularyny gurmak we topragyň dürli gatlaklaryndan nusga almak üçin toprak burawy, topragyň çyglylygyny ölçemek üçin tenziometrler toplumy, belentlik tapawutlaryny kesgitlemek üçin reýkaly we ştiwatiwli niwelir, topragyň dykyzlygyna baha bermek üçin penetrometr, şeýle hem meýdan şertlerinde topragy doly barlagdan geçirmek üçin niýetlenen göçme toprak barlaghanasy.
Günüň dowamynda diňe bir enjamlaryň resmi gowşuryş dabarasy däl, eýsem tejribe okuwy hem geçirildi. Hünärmenler enjamlary ulanmak boýunça gysgaça gözükdirme aldylar we meýdan şertlerine çykyp, olaryň amalyýetde nähili ulanylýandygy bilen tanyşdylar.
Pagtaçylyk ylmy-barlag institutynyň tejribe meýdançasynda hünärmenler «Bosch» kysymly niweliriň we geodeziýa reýkalarynyň tehniki mümkinçiliklerini öwrendiler. Niwelir meýdançadaky dürli nokatlaryň belentlik tapawutlaryny ýokary takyklyk bilen kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Alnan maglumatlar ýerleriň büdür-südürligini (relýefini) anyklamaga, bu bolsa öz gezeginde suwaryş suwunyň deň paýlanylmagyna we meýdan barlaglarynyň dogry meýilleşdirilmegine ýardam edýär.
Geljekde barlaghana üçin ýene-de goşmaça enjamlar: suwuň turşulygyny (pH), elektrik geçirijiligini, umumy minerallaşmasyny we şorlugyny ölçeýän pH/EC-metr, ýerasty suwlaryň derejesini anyklaýan elektrik dereje ölçeýjisi hem-de distillirlenen suw alýan barlaghana distillýatory getiriler.
Bu başlangyç GIZ (Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti) tarapyndan amala aşyrylýan «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri dolandyrmak» atly sebit maksatnamasynyň tehniki goldawy esasynda durmuşa geçirilýär. Ol Murgap derýasynyň hanasynda topragyň zaýalanmagyny we gurakçylyk töwekgelçiliklerini azaltmaga gönükdirilendir.
Täze enjamlaryň berilmegi — howanyň üýtgemegi şertlerinde Murgap derýasynyň hanasyny goramak boýunça ozal geçirilen barlaglaryň netijesinde işlenip düzülen uýgunlaşma çäreleriniň biridir. Bu çäräniň maksady howanyň üýtgemegi şertlerinde topragyň suw saklaýyş ukybyny gowulandyrmak we ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek üçin topragy gorap saklamagyň usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
