«Nissan» kompaniýasy «Juke» elektroulagynyň taslamasyny görkezdi. Onuň önümçiligi Beýik Britaniýanyň Sanderlend şäherindäki zawodda ýola goýlar.
Elektroulagyň satuwy 2027-nji ýylda başlanar. Täze «Nissan Juke» awtoulagynyň nusgasy «CMFEV» platformasynda taýýarlanar. Häzirki wagtda bu platformanyň programmasy «Nissan Leaf», «Nissan Ariya», «Renault Megane ETech» we «Renault Scenic ETech» elektroulaglaryna ornaşdyrylan.
Kompaniýanyň ýolbaşçylary Ýewropa sebitiniň «Nissan» üçin esasy bazar bolmagynda galýandygy barada belleýärler.