«Nissan» Motor kompaniýasy Fransiýanyň Montinýi-le-Bretonnýo şäherinde ýerleşýän Ýewropa sebit ofisiniň kärdeşker arkalaşygy bilen iş orunlaryny kemeltmek barada gepleşiklere başlady. 560 töweregi işgäri bolan bu ofis Afrikada, Ýakyn Gündogarda, Hindistanda we Okeaniýada geçirilen işler üçin hem jogapkärdir.
2025-nji ýylyň aprelinde täze baş direktor Iwan Espinoza tarapyndan girizilen üýtgeşmeler esasynda kompaniýanyň işgärlerini 15% (takmynan 20 müň iş orny) kemeltmek we önümçilik kuwwatyny 30%, ýagny 2,5 milliona ulaga çenli azaltmak yglan edildi. Şunlukda, zawodlaryň sany 17-den 10-a çenli azalar. Bu çäreler 3,4 milliard amerikan dollaryny tygşytlamaga getirer. Hytaýda we ABŞ-da «Nissan» awtoulaglara bolan islegiň we söwdanyň peselmegi bu çözgütlere sebäp boldy.
«Nissan» eýýäm 2026-njy ýylyň martyna çenli Meksikadaky «Civac», 2028-nji ýylyň martyna çenli Ýaponiýadaky «Oppama» we 2027-nji ýylyň martyna çenli Koreýadaky «Gýosan» zawodlarynda önümçiligiň togtadyljakdygyny yglan etdi.
Ýeri gelende bellesek, Ýewropa, Afrika, Ýakyn Gündogar, Hindistan we Okeaniýa sebitlerinde kompaniýanyň 19 müň töweregi işgäri bar, olaryň 60%-i bolsa Ýewropadaky zawodlarda zähmet çekýär.

