Nižegorod döwlet uniwersiteti daşary ýurt dili hökmünde rus dili boýunça «Lobaçewskiý/RU» halkara olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, oňa rus dilinde daşary ýurt dili hökmünde gepleýän raýatlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň aralyk tapgyry 13-nji martda, jemleýji bölegi bolsa 20-nji martda geçiriler.
Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler aşakdaky mümkinçiliklere eýe bolarlar:
N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižegorod döwlet uniwersitetiniň magistratura bölüminde ykdysadyýet ýa-da ynsanperwer ugurlar boýunça tölegsiz okamak hukugy;
Nižegorod döwlet uniwersitetiniň «Rusça tomus» («Лето по-русски») atly halkara tomusky mekdebinde okamak üçin aýratyn mümkinçilik.
Arzalar 1-nji marta çenli kabul edilýär: https://lobru.unn.ru/lk/