Russiýaly boksçy Dmitriý Biwol Ýekaterinburg şäherinde geçirilen boks agşamynda ringe çykdy.
Biwol germaniýaly Mihael Aýfert bilen çempionlyk derejesini goramak ugrunda söweşdi. Bu duşuşykda Biwola degişli bolan ýarym agyr agram derejesinde WBA, IBF we IBO ugurlary boýunça dünýäniň çempionlyk derejeleri orta goýuldy. Şeýle hem russiýaly boksçy WBO guşagynyň eýesidir, ýöne Bütindünýä Boks guramasy (WBO) bu söweşi resmi taýdan tassyklamady. On iki raunda niýetlenen tutluşyk Biwolyň eminleriň biragyzdan kabul eden karary bilen gazanan ýeňşi esasynda tamamlandy. Birinji raundda Aýfert nokdauna düşdi.
Şeýlelikde, Dmitriý Biwol professional karýerasyndaky 25-nji ýeňşini gazanyp, öz çempionlyk guşaklaryny üstünlikli gorady, Mihael Aýfert bolsa ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.