«iPhone» üçin 150 dollarlyk «joraplar» eýýäm bütin dünýäde satylyp gutardy

MilliInfo

26 Noýabr, 2025

Ýakynda «Apple» kompaniýasy «iPhone» smartfonlaryny götermek üçin niýetlenen bezeg önümini satuwa çykardy. Häzirki wagtda bolsa bu önüm elýeterli bolan ähli ýurtlarda dolulygyna satylyp gutardy.

«iPhone Pocket» 14-nji noýabrda — anna güni ABŞ-da, Fransiýada, Hytaýda, Italiýada, Ýaponiýada, şeýle hem Singapuryň, Koreýa Respublikasynyň hem-de Beýik Britaniýanyň «Apple» internet dükanlarynda sargyt etmek üçin elýeterli bolupdy. ABŞ-da ol gaty çalt satylyp gutardy, ýöne käbir reňkleri we ölçegleri Koreýa Respublikasynda we beýleki birnäçe ýurtlarda elýeterliligine galypdy. Aksessuar gysga we uzyn görnüşlerde, dürli reňklerde hödürlenýärdi. ABŞ-da onuň bahasy 150 — 230 dollar aralygynda üýtgeýärdi.

«iPhone» smartfony «iPhone Pocket» örtüginde dolulygyna ýerleşýär, ony ekrana seretmek ýa-da goşmaça zatlary salmak üçin biraz dartyp hem bolýar. Aksessuary eliňde götermek, torbaňdan asmak ýa-da dakynyp gezmek mümkinçiligi bar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info