«Xiaomi» kompaniýasynyň täze kamerasy «Wi-Fi» ulgamyna we elektrik toruna birikdirilmezden işleýär

MilliInfo

7 sagat öň

«Xiaomi» kompaniýasynyň täze kamerasy «Wi-Fi» ulgamyna we elektrik toruna birikdirilmezden işleýär

«Xiaomi» kompaniýasy «Youpin» platformasynda täze «Smart Solar Camera 4 Pro 4G Dual-Camera Edition» atly daşky gurşaw üçin niýetlenen kamerasyny tanyşdyrdy. Enjamyň bahasy, takmynan 579 ýuan (takmynan $80) bolup, satuwyň 6-njy iýulda başlanmagyna garaşylýar.

Täze önümiň esasy aýratynlygy doly awtonom işleýänligidir. Kamera iki sany 4G SIM-kartany goldaýar, bu bolsa wideony «Wi-Fi» toruna birikdirmezden, ugratmaga mümkinçilik berýär. Energiýa üpjünçiligi bolsa 9 900 mAg sygymly batareýa we 7,6 Wt kuwwatly gün paneli arkaly amala aşyrylýar. Öndürijiniň bellemegine görä, adaty şertlerde enjam gurnalansoň, goşmaça hyzmat talap etmezden diýen ýaly işläp bilýär.

Ulgam 3K durulygynda wideo ýazga almaga ukyply bolan iki sany 5 megapikselli modul bilen enjamlaşdyrylandyr. Diafragmasy f/1.6 bolan obýektiwler infragyzyl we ak yşyklandyryş bilen üpjün edilen bolup, olar hereket ýa-da adam anyklananda awtomatiki usulda işleýär.

Şeýle hem enjamda ýatdaky ýüküni dinamiki ýazgy arkaly azaldýan «AOV» (Always-On Video) tehnologiýasy ornaşdyrylypdyr: hereket bolmadyk ýagdaýynda kamera her iki sekuntdan bir kadr hasaba alýar we netijede ýat göwrüminiň 90 %-den gowragyny tygşytlaýar.

Şübheli ýagdaý ýüze çykanda, enjam yşyk duýduryşyny we sesli sirenasyny işledip, «Mi Home» programmasy arkaly yşarat iberip bilýär. Şunlukda, iki taraplaýyn sesli aragatnaşyk we «Xiaomi HyperConnect» akylly öý ulgamy bilen integrasiýa goldanylýar, enjamyň gabarasy bolsa IP66 derejesinde goraglydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info