«Perwana Optika» dükanynda reňkleriň we formalaryň estetikasyny, döwrebap meýilleri hem-de wagt tarapyndan barlanan nusgawylygy özünde sazlaşykly utgaşdyrýan täze äýnek çarçuwalarynyň toplumy hödürlendi. Bu täze tapgyr alyjylaryň giň toparyna niýetlenip, çagalardan başlap, ýetginjeklere we uly ýaşlylara çenli — hemmeler üçin niýetlenen çözgütleri öz içine alýar. Şeýle aýratynlyklar ony tutuş maşgala üçin uniwersal saýlawa öwürýär.
Ýygyndyda dizaýnlaryň dürlüligine aýratyn üns berildi. Nusgawy formalary gowy görýänler bu ýerde gündelik ulanmaga hem-de işewürlik obrazyna laýyk gelýän nepis we owadan modelleri tapyp bilerler. Keşbine has aýdyň öwüşgin bermek isleýänler üçin zenanlygy we häsiýeti nygtaýan «pişik gözi» (кошачий глаз) stilindäki çarçuwalar, şeýle hem özüniň geometrik we grafiki aýratynlyklary bilen tapawutlanýan özboluşly «kebelek» (бабочка) modelleri hödürlenýär.
Çagalar üçin niýetlenen tapgyr işjeň durmuş ýörelgesi üçin zerur bolan oňaýlylyk we çydamlylyk esasynda işlenip düzüldi. Ýetginjekler we ýaşlar üçin niýetlenen modeller bolsa häzirki zaman moda akymlaryny we özüňi görkezmek islegini şöhlelendirýär. Uly ýaşlylar üçin çarçuwalarda bolsa uniwersallyk, stil we funksionallyk birleşýär.
Täze toplum eýýäm «Perwana Optika» dükanynda elýeterli bolup, ol her bir alyjynyň keşbinde özboluşlylyk we aýdyň üýtgeşiklik döretmäge, hemmeleriň diňe özüne mahsus aýratynlyklaryny we stil duýgusyny nygtamaga kömek eder.
Soraglar we sargytlar üçin jaň ediň: 41-40-42
Instagram: @perwana_optika
Tik Tok: @perwana_optika_tm
Salgysy: A. Nyýazow şaýoly (14-nji tapgyr), «Ýaşyl Ýaýla» jaýy.