Täze «Honor 600» we «600 Pro» smartfonlary suratlaryňyzdan 8 sekuntlyk wideorolikleri döredip biler

MilliInfo

16 Aprel, 2026

«Honor 600» seriýasynyň smartfonlarynyň kamerasynyň täze aýratynlyklary tanyşdyrylar we olaryň iň esasy täzelikleriniň biri «AI Image to Video 2.0» (Emeli aň arkaly suratdan wideo) tehnologiýasydyr. Kompaniýa täze seriýadaky suratlary redaktirlemek funksiýalaryny has-da kämilleşdirdi.

Telefon öndürijisi «X» platformasynda «Honor 600» seriýasynyň suratlary redaktirlemek ukyplaryna bagyşlanan täzeligi ýerleşdirdi. Esasy üns «Emeli aň arkaly suratlary wideorolige öwürmek 2.0» temasyna gönükdirildi.

Kompaniýanyň bellemegine görä, emeli aň geçmişiň ornuny tutmak üçin däl-de, eýsem, ulanyjylara öň hiç wagt bolmadyk pursatlary peşgeş bermek üçin döredildi. «Honor» täze mahabat wideosynda «AI Image to Video 2.0» funksiýasynyň suratlary nähili janlandyryp, wideogörnüşe öwürýändigini görkezdi.

Ulanyjylar üç sany suraty we tebigy dildäki görkezmeleri girizmek arkaly 3 sekuntdan 8 sekunda çenli dowam edýän wideolary döredip bilerler. Bu ýerde wideonyň birinji we soňky kadrlaryny hem ulanyjynyň özi kesgitläp bilýär.

Kompaniýa bu emeli aň funksiýasynyň birinji neslini «Honor 400» seriýasynda tanyşdyrypdy. Indi bolsa täze şablonlar, kinematografik stiller, dürli effektler we deslapky sazlamalar bilen bu funksiýanyň mümkinçilikleri has-da giňeldildi.

«Honor 600» seriýasynyň dünýä bazaryna çykmaly senesi 23-nji aprel diýlip bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info