«Samsung» täze tehnologiýasyny hödürledi — 500 Gs ýygylygy bilen tapawutlanýan oýun monitory

MilliInfo

20 Awgust, 2025

«Samsung» şu ýylyň başynda geçen «CES» sergisinde ilkinji gezek tanyşdyrylan we uly sabyrsyzlyk bilen garaşylan «Odyssey OLED G6» oýun monitoryny resmi taýdan hödürledi. Bu 27 dýuým ölçegdäki we OLED tehnologiýasy üçin öň görülmedik 500 Gs täzelenme ýygylygy bilen enjamlaşdyrylan monitor bolup, oňa 999 dollar 99 sent baha kesildi.

Häzirki wagtda çenli OLED monitorlar geýmerler tarapyndan şu ölçegler boýunça ileri tutulýan IPS modellerinden yzda goýulýardy. «Odyssey G6» bu ýagdaýy üýtgetmegi maksat edinýär we uzak dowam edýän oýun pursatlary üçin ýokary öndürijiligi teklip edýär. Emma hünärmenleriň bellemegine görä, 240 Gs bilen 500 Gs aralygyndaky tapawudy köpler noutbuklarda onçakly duýman bilerler.

Täzelenme ýygylygynyň täsirli görkezijisinden başga-da, monitor QHD (2560 x 1440) çözgütli, 16:9 gatnaşygyndaky 0,03 millisekuntlyk jogap wagtyna, 1000 nit çenli iň ýokary ýagtylyga, iki sany «HDMI 2.1» we bir «DisplayPort 1.4» portuna eýedir. Ol «AMD FreeSync Premium Pro» we «NVIDIA G-Sync» tehnologiýalaryny hem goldaýar. QD-OLED şöhlelenmesi «Pantone» şahadatnamasyndan geçen we şöhlelenmeleri azaltmak üçin «Samsung Glare Free» tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr.

«Odyssey OLED G6» bilen bir hatarda, «Samsung» beýleki modellerini hem hödürledi:

  • 37 dýuýmlyk «Odyssey G7» – egri görnüşli VA şöhlelenmesi, 4K çözgüdi, 350 nit ýagtylygy we 165 Gs täzelenme ýygylygy bilen;

  • 40 dýuýmlyk «Odyssey G7» – ultra giň 21:9 gatnaşygynda, şol bir ýagtylyk derejesi bilen, 180 Gs täzelenme ýygylygyny hem-de ekrany bölmek arkaly bir wagtda oýun oýnamaga we mazmun dolandyrmaga mümkinçilik berýän aýratynlyk bilen.

Bu monitorlaryň bahalary 899,99 (37 dýuýmlyk model üçin) hem-de 1199,99 (40 dýuýmlyk model üçin) amerikan dollaryna durýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo