Lionel Messi resmi taýdan Ispaniýanyň «Kornelýa» futbol klubynyň eýesi boldy. Klubyň paýnamalarynyň argentinaly hüjümçä satylmagy toparyň Barselona prowinsiýasyndan bolan ýolbaşçylary tarapyndan tassyklandy.
Klubyň resmi beýanatynda Leonyň gelmeginiň «Kornelýanyň» ösüşinde täze tapgyry açýandygy bellenilýär. Strategik meýilnama ýaşlar akademiýasyny ösdürmegi, sport gurluşyny pugtalandyrmagy hem-de klubyň özboluşlylygyny saklamak bilen ýerli zehinlere maýa goýmagy öz içine alýar.
Häzirki wagtda «Kornelýa» Ispaniýanyň bäşinji diwizionynda (Tercera RFEF) çykyş edip, ýaryş tertibiniň üçünji ornunda ýerleşýär we has ýokary liga çykmak mümkinçiligini saklap galýar.
Bu taslama diňe bir maýa goýum hökmünde däl, eýsem, Messiniň iň gowy ýyllaryny geçiren sebitine bolan hormaty hökmünde hem garalýar.