«Awtomobil ulag hyzmatyndan» täze teklip: awtobuslary sargyt etmek hyzmaty

MilliInfo

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti edara-kärhanalar, syýahatçylyk agentlikleri we raýatlarmyz üçin dynç-alyş ýerlerine gezelençleri amala aşyrmak, ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýa-da medeni ähmiýeti bolan mukaddes ýerlere, aramgählere, zyýaratlara gidip gelmek maksady bilen, ýokary derejedäki awtobus hyzmatlaryny hödürleýär.

Bu ugurda tejribeli sürüjiler rahat, döwrebap awtoulaglarda sargyt esasynda awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirer.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumy Atamyrat Nyýazow şaýolynyň 422-nji jaýy salgysyndaky Halkara awtomenziliň 1-nji gaty.

Habarlaşmak üçin: +99361-49-34-95; 44-35-20 belgilere jaň edip bilersiňiz.

Gatnawlar üçin hödürlenilýän ähli ulag serişdeleri doly tehniki abatlyk ýagdaýyndadyr hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygyny we oňaýlylygyny üpjün edýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

«Awtomobil ulag hyzmaty» ýolagçylara ynamly we amatly gatnawlary kepillendirýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info