Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara Gutlagyny ýollady.
Onda döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny beýan edýär.
«Dabaraly pursatlara baý, kalbyňda hoşniýetlilik duýgularyny oýarýan bereketli güýz günlerinde biz siziň bilen ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynda 400 sany ýaşaýyş jaýyndan, geňeşligiň edara binasyndan, saglyk öýünden, 640 orunlyk orta mekdepden, 320 orunlyk çagalar bagyndan, söwda merkezinden ybarat binalary ulanmaga berýäris. Bu günki ulanmaga berýän täze obamyz adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda ýene bir möhüm ädim bolar. Biz ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýadan ugur alyp, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň, dynç alyş merkezleriniň we seýilgähleriň gurluşygyny geljekde hem dowam etdireris» — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.