Täze ýyl ertekisi hemmeler üçin elýeterli: «BOSSAN Concept» 2027-nji ýyl üçin islendik býujete laýyk arçalary we bezegleri hödürleýär

MilliInfo

12 sagat öň

Täze ýyl ertekisi hemmeler üçin elýeterli: «BOSSAN Concept» 2027-nji ýyl üçin islendik býujete laýyk arçalary we bezegleri hödürleýär

Aşgabatda Täze ýyl jadysynyň möwsümi başlaýar hem-de öz öýüni ertekiniň atmosferasy bilen bezemek isleýänler üçin esasy salgy «BOSSAN Concept» baýramçylyk bezegleri dükanydyr.

Bu ýerde 2027-nji ýyly garşylamak üçin islendik interýeri doly özgerdip biljek emeli arçalaryň, arça oýnawaçlarynyň we baýramçylyk bezegleriniň giň görnüşleri hödürlenýär.

Baýramçylygyň baş simwoly hemmeler üçin elýeterli bolmalydyr, şol sebäpli «BOSSAN Concept» dükanynda müşderileriň islendik býujete laýyk gelýän arçalary saýlamak mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Has amatly we tygşytly çözgütleri gözleýän alyjylar hem, kaşaň premium kolleksiýalary halaýanlar hem bu ýerden ýokary hilli we owadan täze ýyl agajyny saýlap bilerler.

Dükanyň haryt toplumynda iň amatly bahalardan nusgawy ýaşyl pürli arçalar, gyş tokaýynyň duýgusyny döredýän täsirli garly nusgalar, şeýle hem tebigy arçalardan asla tapawutlanmaýan ýokary hilli guýma we kombinirlenen agaçlar bar.

Dükanda arçalardan başga-da, 2027-nji ýylyň esasy trendlerini özünde jemleýän bezegleriň baý toplumy hödürlenilýär: elde ýasalan nepis aýna şarlardan we lowurdaýan çyrajyklardan (girlýandalardan) başlap, täze ýyl çemenlerine, pürli kompozisiýalara, ertekilerdäki Şelkunçikleriň şekillerine hem-de syratly sugunlara çenli tapmak bolýar.

Baýramçylyk gurşawyny döretmegi hünärmenlere ynanmak isleýänler üçin bolsa «BOSSAN Concept» topary Täze ýyl mynasybetli toplumlaýyn bezemek hyzmatlaryny hödürleýär. Kärhananyň dizaýnerleri şahsy jaýlary, restoranlary, myhmanhanalary, edara binalaryny ýa-da islendik göwrümdäki söwda meýdançalaryny hakyky gyş ertekisine öwrerler.

«BOSSAN Concept» dükanynyň salgylary:

  • Aşgabat ş., Mollanepes köçesi, 27, «Dürdäneli» SDAM (15-nji tapgyr);

  • «Arkaç» SDAM, 1-nji gat.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 72-60-60, 41-55-54.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info