Ykdysadyýet: Jemi içerki önümiň ösüşi we 2025-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynyň makroykdysady görkezijileri

MilliInfo

30 Awgust, 2025

Şu ýylyň sekiz aýynyň netijeleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň oňyn netijeleri nazarlaýandygyny tassyklaýar. Bu hakykat 9-njy awgustda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň şu ýylyň sekiz aýynyň deslapky makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda aýdyň şöhlelendi.

Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygy 5,5 göterim ýokarlandy.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim artdy.

Sekiz aýyň dowamyndaky ykdysady üstünlikler täze durnukly ösüşleriň, geljekde makroykdysady görkezijileriň has-da pugtalandyryljakdygynyň nyşanydyr.   

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo