«Ýola Rowana» — biznes dünýäsinde täze netijelere badalga: telekeçilikde has uly ösüşlere gadam goýuň!

MilliInfo
«Ýola Rowana» — biznes dünýäsinde täze netijelere badalga: telekeçilikde has uly ösüşlere gadam goýuň!

«Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar» diýip belleýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň  türkmen telekeçileriniň we senagatçylarynyň has-da netijeli işlemegi ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri Watanymyzyň hususy pudagyny täze derejä çykarýar. Şeýlelikde, alyp barýan önümçilik ýa-da hyzmatlar işinde uly üstünliklere eýe bolýan kärhanalaryň sany yzygiderli artýar. «Ýola Rowana» hususy kärhanasy hem Türkmenistanda resmi ygtyýarnama esasynda, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň durnukly, girdejili bizneslerini ýola goýmaklary, has-da ösdürmekleri boýunça okuw sapaklaryny geçirýän ýeke-täk okuw merkezi bolup durýar.

«Ýola Rowana» – ösüşe we üstünlige ýol!» şygary kärhananyň alyp barýan işiniň özenini emele getirýär. Çünki «Ýola Rowana» diňe bir telekeçilere bilim bermek bien çäklenmän, eýsem, olaryň biznesini ösdürmeginde, girdejisini artdyrmagynda we liderlik ukyplaryny kämilleşdirmeklerinde netijeli boljak amaly gurallaryň ençemesini hödürleýär.

Ýüz tutýan her bir adamyň maliýe durnuklylygyny gazanmagyny, girdejili biznes gurmagyny, şol biznesi ulgama salyp, dünýä bazaryna çykarmagyny, mümkinçiliklerini açyp görkezmegini, ony durmuşa geçirmegini hem-de maliýe taýdan uly üstünliklere ýetmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitlän kähana işinde häzirki döwrüň iň kämil usulyýetine we tejribesine esaslanýar. Şeýlelikde, bu ýerde jemgyýete peýda getirýän, ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşýan we halkara derejesinde üstünlik gazanyp bilýän telekeçileriň täze neslini kemala getirmekde ähmiýetli ädimler ädilýär.

Kärhana her bir telekeçiniň dogry bilim, goldaw we täsirli biznes gurallary arkaly ösüşiň täze derejesine çykmagyna kömek edýär.

Okuw maksatnamalarynyň gatnaşyjylary nämelere eýe bolýarlar?

✔ Biznesi ösdürmek üçin amaly bilimler;
✔ Dolandyryş we ulgama salmak boýunça häzirki zaman gurallary;
✔ Biznesi täze bazarlara çykarmak we giňeltmek strategiýalary;
✔ Güýçli topar döretmek başarnyklary;
✔ Telekeçileriň goldaýjy jemgyýeti;
✔ Öz mümkinçiliklerini açyp, maliýe maksatlaryna ýetmek mümkinçiligi.

«Ýola Rowana» diňe bir milli derejede däl, eýsem, daşary ýurtlara okuw saparlaryny, tejribe alyşmak maksatnamalaryny hem-de biznes bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri guramak arkaly kämil mümkinçilikleri hödürleýär. Bu bolsa kärhananyň telekeçileriň işewürlik ukyplaryny ösdürmek we halkara tejribeleri özleşdirmek boýunça döwrebap tejribä eýelik edýändigini tassyklaýar.

Bu kärhana sizi telekeçilikde täze netijelere çagyrýar.

«Ýola Rowana» – ösüşe we üstünlige ýol!»

Habarlaşmak üçin:

+993 65 17 05 80,

+993 61 73 22 99 ,

+993 62 10 63 33

Instagram: @yola_rowana.tm

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info