Tokioda şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti bilen Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn uniwersitetara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki meseleleri we geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyk 2015-nji ýylda iki ýokary okuw mekdebiň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama esaslanyp, dostlukly ýagdaýda geçdi. Bu ýerde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ynsanperwer we bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolan talyplar we mugallymlar üçin akademiki hereketlilige aýratyn üns berildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew ýapon hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli häsiýetini nygtady we bilimiň hilini ýokarlandyrmak, talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek we halkara akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bilelikdäki maksatnamalaryň möhümdigini belledi.
2016-njy ýyldan bäri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hereket edýän Global Ýapon ofisiniň işi aýratyn bellenildi. Ofisiň işiniň türkmen-ýapon bilim, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm rol oýnaýandygy nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda ynsanperwer we bilim ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň esasy faktory hökmünde ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Iki uniwersitetiň wekilleri bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň döwrebap bilimlere we halkara tejribesine eýe bolan bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.
***
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Nobuo Haruna bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow hem-de Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem talyplar we mugallymlar bilen akademiki alyş-çalyş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmek we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim maksatnamalaryny guramak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Taraplar bilelikdäki taslamalary we ylmy barlaglary durmuşa geçirmekde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) tejribesini we mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini hem bellediler.