Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň futboluny täze sepgitlere ýakynlaşdyrmaga gönükdirilen möhüm iş maslahaty öz işine başlady. Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) ligany ösdüriş maksatnamasynyň çäginde guralan bu çäre türkmen futbolunyň häzirki ýagdaýyny seljermek we ony halkara ülňülere laýyklykda has-da kämilleşdirmek maksadyny öz içine alýar.
Möhüm duşuşyga Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyndan gelen ýokary derejeli bilermenler we myhmanlar ýolbaşçylyk edýärler. Iş maslahatyna Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi hem-de öňdebaryjy hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.
Maslahatyň dowamynda taraplar milli çempionatymyzyň derejesini ýokarlandyrmak, klublaryň dolandyryş we guramaçylyk ukyplaryny berkitmek, marketing hem-de media strategiýalaryny ösdürmek ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle-de AFK-nyň wekilleri tarapyndan Aziýanyň öňdebaryjy ligalarynyň tejribeleri, klublary lisenziýalaşdyrmagyň häzirki zaman talaplary barada gymmatly maslahatlar we tanyşdyryşlar hödürlenilýär. Ýokary liga wekilleri bilen geçirilýän bu göni aragatnaşyk we tejribe alyşma, ýurdumyzyň professional futbol klublarynyň maddy-tehniki we guramaçylyk binýadyny has-da kuwwatlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.
«Ýyldyz» myhmanhanasynda dowam edýän bu işjeň we netijeli maslahat Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň we AFK-nyň bilelikdäki taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, şeýle-de ýurdumyzda sporty, aýratyn hem, futboly ösdürmäge döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.