Düýn — 22-nji ýanwarda paýtagtymyzda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar.
...Maslahatyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Pudaga «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär.
Howanyň üýtgemegi azyk howpsuzlygy bilen bir hatarda, saglyk we iýmitlenmek bilen baglanyşykly beýleki meseleleriň hem döremegine getirýär. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmek, saglyga we ekoulgamlara howp salýan meseleleri çözmek, ilaty arassa suw, energiýa, howa, howpsuz we ýokumly iýmit bilen üpjün etmek ýaly umumy meseleleri çözmek zerurlygy ýüze çykýar.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda howanyň üýtgemeginiň azyk ulgamlaryna we jemgyýetçilik saglygyna göni hem-de köpugurly täsir edýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti, şeýle-de goňşy döwletler utgaşdyrylan hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri talap edýän umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda «Bitewi saglyk» maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, hut şu toplumlaýyn çemeleşme oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we sarp etmegiň zynjyrlaryny çuňňur özgertmekde esas bolup hyzmat etmelidir.
Mowzuklaýyn mejlislerde howanyň üýtgemeginiň iýmitleniş standartlarynyň özgerdilmegini we azyk önümleriniň hiline gözegçiligi güýçlendirmegi talap edýändigine üns çekildi. Ilatyň sagdyn iýmitlenmek meselelerinde habarlylygyny ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns çekildi. Raýatlaryň howa bilen azyk önümleriniň hiliniň arasyndaky baglanyşyk baradaky habarlylygy jemgyýetçilik durnuklylygynyň möhüm bölegi bolup, täze, ekologik taýdan jogapkärçilikli sarp ediş medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär.
Çykyşlaryň dowamynda azyk önümçiligi ulgamlarynyň durnuklylygynyň durmuş abadançylygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy nygtaldy. Sebitiň ýurtlarynyň ylmy-barlag kuwwatyny pugtalandyrmak hem zerurdyr. Bellenilişi ýaly, saglyk we iýmitleniş meseleleri boýunça bilelikdäki tejribe merkezleriniň döredilmegi oba hojalyk toplumyna, saglygy goraýyş ulgamyna innowasiýalary dessin ornaşdyrmaga ýardam berer.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu günki işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň hem-de strategiýalaryň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara möhüm goşant boljakdygyny nygtap, döwletleriň, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara guramalaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň häzirki döwrüň bu derwaýys meselesini netijeli çözmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.
Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginden ýiti täsirlenýän ekoulgamlarda ýer serişdelerini dikeltmek üçin utgaşykly çemeleşme», Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda «Amyderýa, Zarafşan we Panj derýalarynda suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşyny berkitmek», Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda «Howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň oba hojalygynda tebigat nukdaýnazaryndan oňaýly özgertmeleri çaltlandyrmak» hem-de «Pariž ylalaşygyna laýyklykda aýdyňlygyň giňeldilen çäklerini berjaý etmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek» atly taslama resminamalaryna gol çekildi.