«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinden başlap, Aşgabat — Türkmenabat ugry boýunça täze şäherara awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygyny habar berýär. Gatnawlar täze açylan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly arkaly amala aşyrylar.
Awtobuslar hepdäniň ähli günleri yzygiderli gatnap, Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolundaky «Awtokombinat» nokadyndan we Türkmenabat şäheriniň halkara awtomenzilinden sagat 08:00-da ugraýarlar. Bu täze ugruň açylmagy ýolagçylaryň barmaly ýerlerine tiz we amatly ýetmeklerine şert döreder.
Ýolagçylar biletleri «Awtokombinat» nokadyndan, Aşgabat wokzalynyň we halkara awtomenziliň kassalaryndan satyn alyp bilerler. Şeýle-de petekleri sanly ulgam arkaly onlaýn tertibinde bilet maksatnamasyndan hem almak mümkindir.
Goşmaça maglumat almak we sowallar üçin +99361-49-34-95 ýa-da 44-35-20 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.