3-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin kiçi göwrümli resmi kömek maksatnamasynyň (ODA) çäklerinde bu ýokary okuw mekdebe tehniki enjamlary we esbaplary gowşurmak boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri we institutyň ýolbaşçy düzümi gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi barada bellenip geçildi. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli ýörelgeler esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin kiçi göwrümli resmi kömek maksatnamasynyň (ODA) çäklerinde amala aşyrylan işler hem munuň aýdyň kepilidir.
Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin kiçi göwrümli resmi kömek (ODA) maksatnamasy bu döwletleriň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklary berkitmäge, esasan, bilim we tehnologiýa pudagynda maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamadyr. Koreýa Respublikasy 2025-nji ýylda ODA üçin dünýä derejesinde, takmynan, 6,5 trillion won (4,8 milliard amerikan dollary) serişde bölüp berdi.
Bu maksatnamanyň wezipesi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmakdan, Koreýanyň ösen tehnologiýalaryny Türkmenistanyň edaralaryna ornaşdyrmakdan, ýaş hünärmenlere häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen işlemegine şert döretmekden ybaratdyr.