Halkara ylmy dialogy berkitmek we innowasion tehnologiýalary öwrenmek 14-nji awgustda tamamlanan türkmen hünärmenleriniň Klaustal tehniki uniwersitetindäki (TU Clausthal, Germaniýa) üç hepdelik tejribeliginiň baş maksady boldy.
Çäre Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän hem-de GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi (ÝB) ýaşyl Türkmenistan üçin: Syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler 2024–2029» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we ylmy işgärleri, şeýle hem Tabigy gaz ylmy-barlag institutynyň wekilleri girdiler.
Maksatnama esasy ugurlar boýunça ýaşyl tehnologiýalaryň we emeli aňyň (AI) amaly taýdan ulanylyşyna gönükdirildi:
· Metan zyňyndylaryny azaltmak: Emeli aň we «COMSOL Multiphysics®» maksatnamasy arkaly guýularyň bitewiligini, syzmalar barada duýduryşy hem-de gaz buludynyň sanly modelirlemelerini derňemek;
· Korroziýa garşy göreş: poslamanyň görnüşlerine we enjamlary goramagyň häzirki zaman usullaryna baha bermek;
· Häzirki zaman sementleme tehnologiýalary we usullary: howa köpürjiklerini ýok etmek we has berk, uzak möhletli baglanyş döretmek üçin ýokary basyşly arassalaýjy gurallar we ösen garyşdyryjy ulgamlar;
· Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: Emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gün energiýasynyň öndürilişini modelirlemek we çaklamak;
· Önümçilik saparlary: Halkara ylmy-barlag tejribeligine gatnaşýan wekiliýet Landwind-Gruppe (Gevensleben, Helmstedt ş.), Buraw işleri simulýasiýa merkezi (Selle ş.), CUTEC Daşky gurşaw tehnologiýalary ylmy-barlag merkezi (Klaustaýl ş.), «Harbour Energy» (Barnsorf ş.) atly meşhur kompaniýalarda we ylmy-barlag merkezlerinde önümçilik saparlarynda boldular.
— Kalustaýl Tehnologiýalar uniwersiteti ýaly öňdebaryjy Ýewropa ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk howanyň üýtgemegine garşy bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Sanly modelirleme we emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak boýunça amaly başarnyklaryň paýlaşylmagy türkmen hünärmenlerine ekologiýa gönükdirilen öňdebaryjy çözgütleri ýerinde netijeli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa uglerod yzyny azaltmaga we sebitde durnukly energetika geljegini üpjün etmäge uly goşant goşar — diýip, GIZ maksatnamasynyň direktory, doktor Karolina Milow belledi.
Gazanylan Ýewropa tejribesi täze özleşdirilen usullar bilen birlikde, gatnaşyjylara özleriniň Türkmenistanda dowam edýän amaly, önümçilik we ylmy barlag işlerinde uly goldaw bolup hyzmat eder. Bu ylmy önümçilik sapary milli ylmy kuwwaty pugtalandyrmakda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň howanyň üýtgemegine garşy çäreleri durmuşa geçirmekdäki umumy maksatlaryny öňe ilerletmekde möhüm amaly ädim bolar.
