Täze «Toyota RAV4» satuwa çykaryldy: aýratynlyklary we bahasy

MilliInfo

19 sagat öň

9-njy ýanwarda Hytaýda «Toyota RAV4» krossoweriniň düýpli täzelenen AX60 gabaraly nusgasynyň resmi satuwlaryna badalga berildi.

Täze «RAV4-iň« esasy aýratynlyklarynyň biri-de (awtoulagyň platformasynyň öňküligine galmagyna garamazdan) onuň «Camry» we «Prius» modelleriniň stilinde kämilleşdirilen daşky görnüşidir. Awtoulag C görnüşli çyralar we täze dizaýn aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Krossower «Qualcomm Snapdragon 8155» mikroçipine esaslanýan täze multimedia ulgamy, 15,6 dýuýmlyk 2,5K durulykdaky ekrany, kämilleşdirilen taslama mümkinçilikli ekrany hem-de has ýumşak we ýokary hilli materiallardan taýýarlanan salon bilen enjamlaşdyryldy.

Awtoulagyň tehniki gurluşy «Camry XV80» modelinden alyndy:

  • Esasy görnüşi: 2,0 litrlik, 171 at güýjüne eýe bolan atmosfera dwigateli.

  • Gibrid ulgamy: 2,0 litrlik hereketlendiriji esasynda (kuwwaty 152 at güýji, ýangyç sarp edişi bary-ýogy 4,59 l/100 km).

  • Iň ýokary görnüşi: 2,5 litrlik hereketlendiriji esasynda işleýän, öz-özüne energiýa berýän gibrid ulgamy. Bu ulgamyň kuwwaty 237 at güýjüne barabar bolup, ol «E-Four» doly çekiji ulgamy bilen üpjün edilendir.

Bahalar barada maglumat:
Awtoulagyň resmi bahasy 169 800-den 228 800 ýuana çenli (takmynan 24 200 — 32 630 dollar) aralygynda üýtgeýär. Emma önümi ilkinji bolup satyn alýan müşderiler üçin ýörite arzanladyş yglan edildi: olar awtoulagy 151 800 ýuandan (21 680 dollardan) başlaýan bahalardan satyn alyp bilerler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info