Döwlet Baştutanymyz çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

MilliInfo

Şu gün — 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dabaraly ýagdaýda täze kärhananyň toý bagyny kesmegi bilen, asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde guralan gurluşyk we senagat toplumynyň sergisini synlady.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow önümhananyň edara binasyna bardy. Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp, täze senagat desgasyny işe girizdi. Gaplyk çüýşe önümlerini öndürýän kärhananyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekillerde görkezildi.

Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze önümhananyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlendir. Onuň mümkinçilikleriniň gurluşyk materiallaryna bolan içerki islegleri kanagatlandyrmagyna, importy azaltmaga ýardam etmegine garaşylýar.

Kärhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlanýar. Ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Soňra aýna ergini paýlaýjy fider kanallary arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna geçirilýär. Kärhanada şeýle fider kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her biri öz önümçilik liniýasyny aýna ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän «IS» enjamlaryna geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. «IS» enjamlarynda şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu peçler gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Eger-de önüm dogry we dürs sowadylmasa, aýnanyň içerki dartgynlylygy zerarly jaýrylmagy mümkin. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada şeýle peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm konweýer lentalary boýunça hil barlag enjamlaryndan geçýär. Kameralardyr datçikler bilen üpjün edilen bu enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp, sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara geçirilýär. Ähli tapgyrlaryň doly awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary netijeliligini üpjün edýär.

Soňra bu ýerde täze önümhana güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. «Horn Glass Industries» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Stefan Erwin Meindl Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine täze kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy. «Vetromeccanica Srl» kompaniýasynyň wekili Alessandro Nigro önümhana Italiýanyň «Bottera» kompaniýasynyň halkara standartlaryna laýyk gelýän toplumlaýyn dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan güwänamanyň gowşurylýandygyny yglan etdi.

...Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ynha, bu gün bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Döwrebap senagat desgasynyň açylyş dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze Döwletli mekan obasynyň, Kaka etrabynda Bagtly zamana obasynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda bolsa Bitaraplyk şäherçesi bilen birlikde döwrebap awtomobil köprüsiniň ulanmaga beriljekdigini, şeýle-de paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan täze seýilgähiň açylyş dabarasynyň boljakdygyny aýtdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo