Aşgabatda optikanyň täze derejesi: «Perwana» dükany harytlaryň we hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär

MilliInfo

Aşgabatda oftalmologiýa hyzmatlary ulgamy ösüşini dowam etdirýär. Paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrundaky «Ýaşyl Ýaýla» binasynda ýerleşýän döwrebap «Perwana» optika dükany şäher ýaşaýjylaryna harytlaryň we hyzmatlaryň giň toplumyny — özboluşly stili bilen tapawutlanýan äýnek çarçuwalaryndan başlap, ýöriteleşdirilen bejeriş linzalaryna çenli iň kämil önümleridir mümkinçilikleri hödürleýär.

Dükanda çagalar we ulular üçin äýnek çarçuwalarynyň (oprawalarynyň) uly toplumy bar. Assortimentde asetatdan we plastikden ýasalan çarçuwalardan başlap, çydamlylygy, ýeňilligi hem döwrebap dizaýny özünde jemleýän metal we titan modeller hödürlenilýär.

Ajaýyp dükanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri-de äýnekleriň gysga wagtyň dowamynda, ýagny bary-ýogy 10–20 minutyň dowamynda taýýarlanmagydyr. Bu hyzmat wagty diýseň çäkli bolan müşderiler üçin aýratyn amatlydyr.

Şeýle-de, bu ýerde äýnek linzalaryny reňklemek hyzmaty hem bar. Alyjylar öz isleglerine görä, dürli reňkleri saýlap bilerler: çal, goňur, ýaşyl, gyzyl-gülgüne, gök-mawy, sary ýa-da melewşe. Günden goranmagy halaýanlar üçin bolsa buýurmalar esasynda, polýarizasiýaly (Polaroid) gün şöhlesinden goraýjy äýnek linzalary taýýarlanylýar, olary görüşi kadalaşdyryjy (dioptriýaly) nusgada hem ýasap bolýar.

Galtaşyjy (kontakt) linzalara hem aýratyn üns berilýär. Dükanda Koreýanyň meşhur «Interojo» brendiniň linzalary satylýar:

  • 1 we 3 aýlyk ulanmak üçin niýetlenen linzalar;

  • görüşi kadalaşdyrmak üçin reňkli linzalar (minus);

  • estetik täsiri bilen tapawutlanýan bezeg reňkli linzalar.

Mundan başga-da, dükanda äýnekler üçin dürli aksessuarlar bar: futlýarlar, ýagny gaplar, bezeg asgyçlary, linzalaryň bugarmagyna garşy ýörite süpürgiçler. Galtaşýan linzalary ulanýanlar üçin bolsa pinseti, konteýneri, ýörite ergin üçin niýetlenen çüýşejigi we aýnany öz içine alýan amatly ýol toplumlary hödürlenilýär.

Müşderilere amatlylyk döretmek maksady bilen, Aşgabat şäheri boýunça eltip bermek, şeýle hem «Salam Express» arkaly welaýatlara ugratmak hyzmaty ýola goýuldy. Maýyplygy bolan şahslar üçin bolsa 20 göterim arzanladyş göz öňünde tutulandyr.

Dükanda bejeriş linzalaryna hem aýratyn orun berilýär. Bu ýerde aşakdakylary buýurmak mümkin:

  • Ortokeratologiýa gijeki linzalary (OKL) — olar miopiýanyň (ýakyndan görmezligiň) ösmegini saklamak üçin ulanylýar;

  • Skleral linzalar — olar keratokonusda, astigmatizmiň ýokary derejelerinde, buýnuz gatlagy oturtmakdan soňky döwürde, gözüň guramagynyň sindromynda we adaty äýnekleriň ýa-da ýumşak linzalaryň peýda bermedik ýagdaýlarynda ulanylýar.

Dükanyň iş tertibi:

  • Duşenbe – Şenbe: 08:00-dan 20:00-a çenli

  • Ýekşenbe: 10:00-dan 15:00-a çenli

«Perwana» optika salony — bu professional derejedäki çemeleşmäniň, döwrebap tehnologiýalaryň we her bir müşderiniň saglygy baradaky aladanyň sazlaşygydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info