Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Sýaoszýun Greýs Wany (HHR) BMG-niň Türkmenistandaky täze hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine belledi. Diplomat 1-nji iýulda resmi taýdan öz wezipesine girişdi.
Hanym Wanyň halkara ösüş ulgamynda 28 ýyllyk iş tejribesi bolup, ol durnukly ösüş, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk we maliýeleşdirme meseleleri boýunça ýöriteleşendir. Hünärmen ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň özboluşly aýratynlyklaryna düýpli düşünýär.
Aşgabatdaky wezipesine bellenmezden ozal, hanym Wan BMG-niň «Günorta-Günorta» hyzmatdaşlygy baradaky müdiriýetinde (UNOSSC) Maksatlaýyn gaznanyň direktory wezipesinde işledi we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek üçin serişdeleri çekmäge jogap berdi. Mundan ozal, ol BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) ştab-kwartirasynda birnäçe ýolbaşçy wezipeleri eýeledi, şeýle hem döwlet dolandyryşy, gender deňligi we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak meseleleri boýunça ýurt toparlaryna ýolbaşçylyk etdi.
BMG-däki karýerasyna başlamazdan ozal, ol Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, haýyr-sahawat gaznalarynda we akademiki gurşawynda işledi.
BMG-niň missiýasynyň täze ýolbaşçysynyň baý akademiki binýady bar: ol London uniwersitetinde bilim we halkara ösüş ugrunda doktorlyk derejesini (PhD) gorady, şeýle hem Pekin daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň magistr derejesine we Stellenbos uniwersitetiniň diplomyna eýedir.
