Noýabr halkara ylmy maslahatlara we olimpiadalara baý bolar

MilliInfo

1 sagat öň

Noýabr halkara ylmy maslahatlara we olimpiadalara baý bolar

Şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler. 17-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow şeýle möhüm çärelere we olimpiadalara görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, ylma we döredijilige höweslerini artdyrmak babatynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Hususan-da, geljek aýda:

  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny;

  • «Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny;

  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyny;

  • şol ýokary okuw mekdepde V Açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny;

  • Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigini;

  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Häzirki zaman stomatologiýasynyň wajyp meseleleri» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny;

  • şol ýokary okuw mekdepde «Biologiýa» dersi boýunça V halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem noýabr aýynda:

  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Maliýe» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny;

  • «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly utgaşykly görnüşde III halkara ylmy-amaly maslahatyny;

  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da:

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Himiýa» dersi boýunça V halkara olimpiadasyny;

  • şonuň bilen ugurdaş «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny;

  • Türkmen döwlet maliýe institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny;

  • Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly II halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ylmy-amaly maslahatlaryň we ders bäsleşikleriniň geçirilmegi ylym-bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga, bilim işiniň ylmy-usulyýet binýadyny öňdebaryjy tejribeler bilen baýlaşdyrmaga itergi berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlaryny hem-de olimpiadalaryny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info