Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçiriler

MilliInfo

24 Oktýabr, 2025

turkmenmetbugat.gov.tm

Noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara guralar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer B.Seýidowa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Mundan başga-da, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, sergileriň we baýramçylyk konsertiniň, şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo