Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň adybir eseri esasynda «Döwletli döwran geldi» atly spektakl sahnalaşdyrdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Sahnada täze taryhy döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň, ýurdumyzda adam hakyndaky aladalaryň çeper beýany täsirli wakalaryň üsti bilen şöhlelendirilýär.
Berkarar döwletimizde durmuş syýasatynyň ildeşlerimize baky bagtyýarlyk eçilýändigi özboluşly sahna çözgütleri arkaly täsirli, çeper beýan edilipdir. Aýdym-sazly, şahyrana sahna eseri şüweleňli wakalary bilen tomaşaçylaryň dykgatyny özüne çekýär.
Täze spektakly teatryň režissýory Guwanç Baýmedow sahnalaşdyrypdyr. Teatryň artistleri Hemra Dowlyýewiň, Ogulgerek Şyhyýewanyň, Nurjemal Hydyrowanyň, Begli Dowlyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Halmyrat Şyhyýewiň, Meretdurdy Seýidowyň janlandyran keşpleri özboluşlylygy hem-de ynandyryjylygy bilen ýatda galýar.
