Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda 9-njy oktýabrda daşary ýurtly tanymal aýdymçylarynyň konserti guralar. Bu konsertde dünýäniň meşhur ýyldyzlarynyň dördüsiniň çykyş etmegine garaşylýar.
Şowhunly konsertde çykyş etmek üçin ýurdumyza gelýän sungat ussatlarynyň biri Russiýa Federasiýasyndan Nýuşa Şuroçkinadyr. Nýuşa Şuroçkina 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy.
Türkmen diňleýjilerine ruhy lezzet paýlajak daşary ýurtly aýdymçylaryň biri hem Türkiýe Respublikasyndan Hadise Açykgözdür. Ol türkmenistanly sungat söýüjileriniň uly söýgüsinden peýdalanýar.
Aşgabatda türk ýyldyzlarynyň ýene biri çykyş eder. Ol meşhur Murat Boz bolup, meşhur ýyldyz türkmen we dünýä diňleýjileriniň söýüp diňleýän aýdymçylaryň biridir.
Öňde boljak konsertde çykyş etjek meşhur daşary ýurtly aýdymçy zenanlaryň ýene-de biri liwanly zenan aýdymçysy Mariam Faresdir. Bu meşhur zenan şirin aýdymlary hem-de sahnadaky gözel hereketleri bilen tomaşaçylaryň kalbynda orun aldy.
Konsertiň petekleri Aşgabat şäher häkimliginiň «www.ashgabat.gov.tm» resmi internet saýtynda we «Sanly şäher» ykjam goşundysynda onlaýn satuwa çykaryldy.
