Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

MilliInfo

Düýn — 23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler.

Şunuň bilen birlikde, A.Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömek  üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi hem-de bu hoşniýetli we ynsanperwer kömegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info