Ukrainanyň Aşgabatdaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi

MilliInfo
Ukrainanyň Aşgabatdaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ukrainanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hökmünde Aşgabatdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Petro Makarenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalaryň çäklerinde ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info