Birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy

MilliInfo

24 Awgust, 2026

Birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük we flanel mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 80 million 634 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy, nah ýüplügi satyn aldylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info