Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti «Arkadag» teleýaýlymy üçin döwrebap enjamlary satyn almak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde telewizion enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan kompaniýalar çagyrylýar.
Gatnaşmak isleýänler şu talaplary berjaý etmelidirler:
— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza bermeli;
— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
— tehniki tabşyrygy almaly;
— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediler. Bäsleşik teklipli bukjalar şu ýylyň 29-njy awgustyna, sagat 18:00-a çenli şu aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-24-24, 44-22-00.
Faks belgisi: 92-52-42.
Elektron salgysy: turkmentv@sanly.tm
