Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebi 2019-njy ýylda doglan çagalary okuwa kabul etmek üçin saýlap alyş işini geçirýändigini habar berýär.
Geçiriljek saýlap alyş işine Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler.
Geçiriljek senesi: 2026-njy ýylyň 6-njy sentýabry.
Wagty: Sagat 08:00 – 11:00 aralygy.
Geçiriljek ýeri: «Aşgabat» stadiony.
Gerekli resminamalar we esbaplar:
Sport geýimi.
Çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi.
1 sany 3х4 ölçegdäki fotosurat.
Habarlaşmak üçin telefon belgi: +99365 04-92-48
